“Kitap geljegiň habary, geçmişiň sapagy” atly kitap sergisi geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Nebitçi” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap geljegiň habary, geçmişiň sapagy” atly kitap sergisini çagalar topary bilen geçirildi.Çagalara kitabyň taryhyny, gymmatlylygyny gürrüň berildi.Şeýle hem çagalara kitaphanalara gelip bilimlerini artdyryp kitap okamagyny maslahat berildi. Şeýle-de çagalaryň arasynda sorag-jogap alyşyldy. Soňra bolsa sergä gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap geljegiň habary, …