“Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi kitaphanamyzyň hazynasyny baýlaşdyran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýapon dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabyny okyjylara tanyşdyrmak maksady bilen kitaphana synyny geçirdiler we “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly kitap sergisini gurnadylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup durýar. Kitapda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegi, “Dialog – parahatçylygyň kepili” taglymaty we ynsanperwerlik işleri barada taryhy resminamalar hem-de çykyşlary jemlenendir.Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eserleri bu günki gün ýaşlara ýol-ýörelge bolup, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem daşary ýurtly halklaryň hem söýüp okaýan kitaplaryna öwrüldi diýip çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar we kitaba, kitaphana işine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň …