Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Kitap - köňülleriň çyragy” ady bilen sergi gurnady.
Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, şeýle-de şanly Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygyna degişli edebiýatlar ýerleşdirildi. Eziz Diýarymyzyň ertirleri aýdyň, geljegi röwşen, günleri şuglaly, aýlary nurly, ýyllary bereketli bolup, beýik ösüşler bilen öňe barýar. Kitap—diňe bir sahypalara düzülen harplar jemlenmesi däl. Ol asyrlar boýy toplanan pähimleriň, akyl-parasadyň we durmuş tejribesiniň hazynasydyr. Biz kitaby açanymyzda, diňe bir täze maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem beýik akyldarlaryň, şahyrlaryň we döredijilik ussatlarynyň ruhy dünýäsine aralaşýarys. Her bir gowy kitap adamyň kalbynda mähribanlygy, Watana bolan söýgüni, ula hormat goýmagy we halallygy terbiýeleýär. Şu günki çalt ösýän döwürde, maglumat tehnologiýalarynyň her ädimde duş gelýän wagtynda, kitabyň gymmatyny has-da artýar. Sebäbi hiç bir ekran we hiç bir gysga maglumat kitabyň berýän çuňňur oýlanmasyny, söz baýlygyny we ruhy rahatlygyny çalşyp bilmeýär. Kitap okamak adamyň hyýalyny ösdürýär, pikirlenişini çuňlaşdyrýar we ony kynçylyklara durnukly edýänligi barda sergä gatnaşyjy talyp ýaşlara gürrüň berildi. Sergä gatnaşyjylar şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap - köňülleriň …