“Kitap okamak–dünýäni öwrenmek” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi 97-nji çagalar bakja-bagynda  “Kitap okamak–dünýäni öwrenmek” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady.

   Bu çeper okaýyşda we göçme kitap sergisinde çagalara türkmen ertekileri sesli okalyp berildi. Çagalaryň edepli-ekramly bolmagy üçin kitap okamaklygyň uly ähmiýeti bardyr.                                                                                                     

  Şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap okamak–dünýäni öwrenmek” …

Metbugat gullugy