Kitap okan bagta ýeter, ylym diýen tagta ýeter
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan “Kitap okan bagta ýeter, ylym diýen tagta ýeter” ady bilen ussat bibliograf we terjimeçi Juma Seýitnyýazowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna we ýazyjy Çary Matalowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan bibliografiýa görkezijilerine syn geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata Watanymyza uly ösüşleriň we özgerişleriň buşlugyny getiren “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem şöhratly, bagtyýar ýyllarymyzda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, taryhda yz goýan şahsyýetleriň, ýazyjy-şahyrlaryň bibliografiýa görkezijilerini taýynlap okyjylara ýetirilýändigi hakynda aýdyldy.
Çykyşyň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýet hökmünde dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini kitaphana synyna gatnaşan işgärler arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitap okan bagta …