“Kitap paýhas çeşmesi”

Image description

“Kitap paýhas çeşmesi”

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi, Aşgabat  şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebinde “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap paýhas çeşmesi” atly wagyz-nesihat  çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar watanyň daýanjy” diýip ýaş neslimize bildirýän ynamynyň ýokarydygyny, olara kitaphanalarda saklanýan tapylgysyz gadymdan bäri saklanylyp hem goralyp gelýän gymmatly maglumatlar bilen tanyşyp, Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ylym- bilim, ahlak taýdan arassa, watansöýüji nesiller bolup ýurdumyzyň beýik adyny has-da beýgeltmek ugrunda uly işler alyp barmalydygyny we şol işler üçin çuňňur aladalar edilýändigi, gymmatly hazynalarymyzyň goralýan gorlary bolan kitaphanalarymyzy döwrebap hem-de her bir okyjynyň rahat kitap okap bilmekleri üçin hemme şertler döretýändigi hakynda  giňişleýin nygtaldy.

 Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda çykyş edenler gaýtalanmajak milli gymmatlyklarymyza, ömrüni halkyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna bagyşlan ussatlarymyzyň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap paýhas çeşmesi”

Metbugat gullugy