Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Kitap-paýhas çeşmesi“ atly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Kitap-paýhas çeşmesi“ atly söhbetdeşlik geçirildi.
“Aşgabat” teleýaýlymynda ýazgy edilen söhbetdeşligiň başynda Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Altyn Bäşimowa, Gülaýym Saparmedowa, Enejan Aşyrgeldiýewa-dagylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän üstünlikler, milli mirasymyzy, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmaga, okyjylary kitap okamaga çekmek boýunça kitaphanalarda alnyp barylýan işler, döredilýän giň mümkinçilikler dogrysynda gürrüň berdiler. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, ata Watanmyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermek uly mertebe we bagtdyr.
Hormatly Prezidentimiz : “Biziň halkymyz kitaphon halk.Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär”. (// Berdimhamedow S. Ýaşlar – Watanyň daýanjy. – A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023. Sah.8-9.) diýip belleýär. Kämillik ýolunda ynamly öňe barýan, dogumdan don geýen türkmen ýaşlary bu bagtyýarlygyň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan, ajaýyp eserlerini ýol ýörelge, şamçyrag edinýärler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde edýän tagallalary üçin, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap-paýhas çeşmesi“ atly …