“Kitap paýhas ummany” ady bilen söhbetdeşlik

Image description

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň

Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi, “Altyn asyr:Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap paýhas ummany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

     Söhbetdeşlikde çykyş edenler  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümininiň alyp baýran işi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Bölümiň gaznasy bilen tanyşdyryldy. Bu günki gün daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanma ep-esli artýar. Bölümiň esasy wezipesi daşary ýurt dillerini öwrenýän okyjylara hyzmat etmekden ybarat şeýle hem Türkmenistana degişli daşary ýurt dillerindäki edebiýatlarda bar bolan gymmatly çeşmeleri öwrenmek we okyjylara ýetirmek bolup durýar.

           Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler  ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap paýhas ummany” …

Metbugat gullugy