“Kitap- ruhy baýlyk” atly kitap sergi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi hem-de Seýrek neşirleri bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Kitap- ruhy baýlyk” atly kitap sergi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylynda toýlar  goşa –goşadan gelýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň  hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramçylygyna bagyşlanyp  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi hem-de Seýrek neşirleri bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Watan şöhrat şany bolup, ynanyşmagyň Tugy bolup parla ýaşyl Baýdagym” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Kitap ruhy hazyna”  atly kitap sergisi gurnaldy.  Sergä gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwlar edildi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap- ruhy baýlyk” …

Metbugat gullugy