“Kitap – ruhy hazyna”

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri atly sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap – ruhy hazyna” atly kitap sergisini çagalar topary bilen gurnady. Bu ýerde çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri bilen giňden tanyşdyryldy, şeýle hem kitap okamagyň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Çagalaryň arasynda sorag-jogap alyşyldy. Soňra bolsa sergä gatnaşyjylar kitaphana ulgamyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap – ruhy …

Metbugat gullugy