"Kitap - ruhy hazyna" atly kitap sergi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi "Kitap - ruhy hazyna" atly kitap sergisini gurnady. Serginiň maksady okyjylaryň kitaba bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we olary kitaphananyň gaznasyndaky neşirler bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem - de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri, türkmen nusgawy we häzirki zaman edebiýatynyň eserleri, halkymyzyň taryhyna, medeniýetine we milli mirasyna bagyşlanan kitaplar görkezilýär. Kitap adamyň dünýägaraýşyny giňeldýär, pikirlenmäge höwes döredýär we nesilleriň durmuş tejribesini geljege ýetirýär.
Döwlet kitaphanasynyň işgärleri okamaga, öwrenmäge we işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem - de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar. Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem - de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: "Kitap - ruhy …