Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi “Kitap-ruhy tämizligiň açary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler adamzadyň parh goýýan iň gadymy we häzirki zaman gymmatlyklarynyň biri hem ömrüňi nurlandyrýan kitapdygyny, kitap egsilmez hazynadygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň kitapsöýüjiliginden ugur alyp, kitaphana işlerini kämilleşdirmäge uly üns berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden kitaphana işgärleri kitabyň gymmaty, onuň adamzat durmuşynda tutýan orny hakynda söz açdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan mysal bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty eýýamlaryň jümmüşine ýaň salmagyny, bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap-ruhy tämizligiň açary” …