Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölümi okyjylar bilen söhbetdeşlik we bölümde alnyp barylýan işler hakynda gezelenç etdiler.
Bölümiň işgärleri kitaphana gelen ýaş okyjylara bölüm hakynda giňişleýin gürrüň berip, hazynadaky kitaplary gorap saklamagyň düzgünlerini, okyjylara hyzmat etmegiň tertipleri bilen tanyşdyrdylar. Gezelenjiň dowamynda bölümiň işgärleri okyjylar bilen söhbetdeşlik geçirip, kitaphanamyza gelip gowuşýan kitaplaryň, gazet - žurnallaryň döwrümiziň toýdyr-baýramly günleri barada giňişleýin maglumat berip, okyjynyň ünsini özüne çekmek bilen ýaş okyjylarda uly täsir galdyrdy. Kitaphana gezelenje gatnaşyjylar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitap saklamak bölümi …