“Kitap-ylham hazynasy” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonementi bölümi tarapyndan Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyplaryna kitaphana gezelenji gurnaldy.Talyplar gezelenjiň çäginde bölümiň alyp barýan işi bilen tanyş boldylar we halypa hünärmenler bilen “Kitap-ylham hazynasy” atly söhbetdeşlik gurnadylar. Döredijilik işi bilen meşgullanýan halypalarymyzyň döredýän eserleri ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi we öz aralarynda sorag-jogap alyşyldy. Bu bolsa geljekki kitaphanaçylaryň kitaby söýmegine, kitaphana işine bolan höwesiniň artmagyna uly ýardam berdi. Talyp ýaşlar şeýle ajaýyp ýurdumyzda ýaşap, döwrebap bilim almaklary üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap-ylham hazynasy” atly …