Kitap-ylmyň miwesi, medeniýetiň gülüdir

Image description

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitap-ylmyň miwesi, medeniýetiň gülüdir”atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sebäbi kitap okamagy söýýän halk özüni bagtly saýypdyr. Şu ýerde belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasy biygtyýar ýadyňa düşýär.Ýazyjy hekaýasynda nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragy, onuň edebi mirasy barada söz açyp giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler  halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup,olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitap-ylmyň miwesi, medeniýetiň …

Metbugat gullugy