“Kitap ynsanyň dosty” atly kitap sergisi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “ Durmuş ýoly- kitap bilen başlanýar” atly edebiýat agşamynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Kitap ynsanyň dosty” atly sergi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, türkmen edebiýatynda yz goýan ýazyjy- şahyrlarymyzyň eserleri, tanymal ýazyjylara bagyşlanyp ýazylan bibliografik görkezijiler, gollanmalar ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi dabara gatnaşan talyp ýaşlarda we okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap ynsanyň dosty” …