“Kitaphana bilim hazynasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi

Image description

Wagyz nesihat çäresi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölümi we   Aşgabat şäherindäki Köpetdag etrabynyň 47-nji orta mekdebi bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda   “Kitaphana bilim hazynasy” ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, ata-babalarmyzyň geçmişinde öz nesillerine kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýelenýandigine taryhy maglumatlarynyň şaýatlyk edýändigi hakynda we häzirki zaman kitaphana hyzmaty islegiň depginli üýtgäp durýan şertlerinde kitaphana hünärmeni bilen peýdalanyjynyň doly hukukly hyzmatdaşlygyna esaslanýandygy hakynda giňişleýin gürrüňler berdiler. Çäräň dowamynda mekdep okuwçylarynyň kitap we kitaphana hakynda beren gyzykly sowallaryna peýdaly jogaplar aldylar. Şu çärä gatnaşan hünärmenler çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag. Öürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana bilim hazynasy” …

Metbugat gullugy