Kitaphana gelip gowşan täze edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi kitaphana gelip gowşan täze edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitaby, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby hem-de “Asyrlaryň yzlary” atly ylmy ýygyndynyň II we III neşirleri bilen tanyşdyryldy. Güneşli diýarymyzda ösýän ösümlikleriň, miweleriň hersi bir derdiň dermany. Gahryman Arkadagymyz şol jana şypa beriji ösümlikleri, miweleri öwrenip, olaryň her biriniň haýsy keseliň öňüni alýandygy, peýdalanylyşy, himiki düzümi, derman taýýarlanylyşy barada jikme-jik maglumat berilýär diýip, nygtap geçdiler.

 Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy– parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynda türkmen Bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň aýdyňlaşdyrmagyndaky, netijeli çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýär.

 “Asyrlaryň yzlary” atly kitaplarda taryhy we medeni ýadygärliklerde geçirilýän arheologiýa, arhitektura we sungaty öwreniş gözlegleriniň dowamynda toplanan giň ylmy maglumatlar bilen giňden tanyşdyrylýar.

   Bu kitap synyna gatnaşanlarda kitaplar diýseň uly gyzyklanma döredip, olar özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary aldylar.Kitap synynyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana gelip gowşan …

Metbugat gullugy