“Kitaphana işini kämilleşdirmek” atly söhbetdeşlik

Image description

      Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasyň  Seýrek neşirler bölümi Türkmenistanyň Altyn asyr teleýaýlymynyň “Söz mülkiniň bossany” atly gepleşigi bilen bilelikde “Kitaphana işini kämilleşdirmek” atly   söhbetdeşlik  geçirildi

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran karary bilen tassyklanan   Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi, Türkmenistanyň Altyn asyr teleýaýlymynyň “Söz mülkiniň bossany” atly gepleşigi bilen bilelikde “Kitaphana işini kämilleşdirmek” atly söhbetdeşlik  geçirildi. Türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýä garaýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin, bölümimiz tarapyndan saklanyp gelýän gadymy hem-de häzirki zaman neşirlerimizi okyjylarymyza ýetirmek maksady bilen kitap sergisi gurnaldy we has irki neşirler boýunça giňişleýin aýdylyp  geçildi. Şeýle-de bölümde kitaplary elektrion kataloga ýüklemek işleri hem alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasyň gaznasyna “Galkynyş” kitap merkezinden kabul edilip alynýan täze kitaplara  kartoçkalaryny ýazyp, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarda ýerleşdirimek,  okyjylary hasaba almak we olara talabalaýyk hyzmat etmek, elektron katalogdan gerek bolan maglumatlary tapyp bermek boýunça özara tejribe alyşyldy. Duşuşygyň dowamynda Seýrek neşirler bölüminiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Magtymguly adyndaky Dil, edebiýaty we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň  Ylymlar akademiýasynyň Ylymy merkezi kitaphanasy bilen ýakyndan işleşýandigi barada hem bellenip geçildi.

    Türkmen  halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe  uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir.   

     Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana işini kämilleşdirmek” …

Metbugat gullugy