“Kitaphana paýhaslar öýi”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, bilim derejesini artdyrmak hem-de ruhy taýdan kämilleşdirmek maksady bilen her ýylda yglan edilýän paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de orta mekdepleriniň okuwçylarynyň Döwlet kitaphanamyza ýygy-ýygydan gelip, köp kitap okaýan okyjylaryň arasynda yglan edilýän “Kitaphana paýhaslar öýi” atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowagatlary we hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny hem-de ýürek buýsnçlaryny beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana paýhaslar öýi”