“Kitaphana rowaçlyga badalga” atly gurnag

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda talyp ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen “Kitaphana rowaçlyga badalga” atly gurnag geçirildi.

   “Kitaphana rowaçlyga badalga” atly gurnagada   çykyş edenler kitaphanalarda okyjylara hyzmat etmekligiň dürli görnüşleri,olara medeni köpçülik işleriniň üsti bilen ýagny okyjylar maslahatlary,edebiýat we döredijilik duşuşyk agşamlary,dürli söhbetdeşlikler,şeýle hem kitaphana synlarynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin söhbet etdiler.Mundan başga-da  kitaphanalarda kitap sergisini guramaklygyň dürli görnüşleri : Hemişelik, wagtlaýyn we göçme sergileri guramaklygyň düzgünleri barada aýdyp geçdiler şeýle hem gurnaga gatnaşyjylar  bilen bilelikde “Edebi miras- ebedi miras” atly tematiki kitap sergisi guraldy.

   Soňra  bolsa gurnaga gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana rowaçlyga badalga” …

Metbugat gullugy