Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi “Kitaphana rowaçlyga badalga” atly gurnagyň “Kitaphananyň gaznasy, ondaky edebiýatlaryň ýerleşdiriliş düzgüni hakynda” sapagy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylymlaryna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak häzirki ösüş döwrüniň esasy üns merkezine öwrüldi. “Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, kitaphana işinde täze özgertmeleri durmuşa geçirmek bu ugurda zähmet çekýän her bir kitaphana işgärleriniň öňünde uly borç bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem bu ugurda talyp ýaşlaryň arasynda yzygiderli sapaklar geçirilýär. Gurnaga gatnaşyjy talyp ýaşlara Kitap saklamak bölüminde kitaphananyň gaznasy, ondaky edebiýatlaryň ýerleşdiriliş düzgünleri hakynda, bölümde okyjylardan gelýän talaplara görä kitap bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýändikleri, hazynany nesilden- nesle gorap saklamak barada maglumat berdiler we giňişleýin tanyşdyrdylar. Bölümiň işgärleri talyplar bilen sowal – jogap alyşdylar, bölümde alyp barylýan gyzykly işler talyplaryň ünsüni özüne çekdi.
Gurnaga gatnaşyjylar sapagyň ahyrynda şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana rowaçlyga badalga” …