“Kitaphana - rowaçlyklara badalga”

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda  “Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyzda  Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.  Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi  tarapyndan “Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi.  Seýrek neşirler bölüminde saklanylýan  iň gadymy kitaplary we döwürleýin irki neşirleriň  bilen tanyşdyryldy. Bölümiň gaznasynda iň irki neşirleriň biride  bölümde  ilkinji hasaba alnan neşirlerimiziň biri hem (ХVI asyra) degişli bolan Gwicciardini Francisciniň “Italýanyň taryhy” 1567-nji ýylda çykan Basile şäherinde neşir edilen .(Latyn elipinde). kitaby agzap geçmek bolar. Seýle-de Seýrek neşirler bölüminiň esasy aýratynly hem awtorlaryň öz gollary bilen sowgat beren kitaplary  kitaplar saklanylýar.  Iň irki Türkmen kitaby bolsa Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy  Berdi Kerbabaýew tarapyndan toplanyp çapa taýýarlanan Magtymgulynyň saýlanan goşgulary-atly kitaby. 1926 ýylda çykan. Kitap 46 bölümden ybarat bolup (Türkmen dilinde arap elipbinde) –atly kitabyny görkezmek bolar. Bölümiň iň irki gazetleriň biri 1895-nji ýylda neşir edilen “Закаспийское обозрение”gazetini görkezmek bolar.  Gurnagymyzyň ahyrynda bolsa talyplaryň bilesigeljiligini artdyrmak maksady  bilen sorag-jogap alşyldy.

Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen,  halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana - rowaçlyklara …

Metbugat gullugy