Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda talyp ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” atly gurnag geçirildi.
Bu gurnaga Döwlet kitaphanamyzyň hünärmenleri hem-de Türkmen Döwlet medeniýet Institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gurnaga gatnaşyjy talyp ýaşlary Döwlet kitaphanasynyň bölümleriniň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşdyryldy. Olara kitaphanadan peýdalanmagyň düzgünleri hem-de kitaphananyň kitaphana hazynasyndaky kitaplar barada giňişleýin gürrüň berildi. Talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen bu gurnag, ýaşlarda kitaba bolan söýgini hasam artdyrdy.
Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” atly …