“Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly gurnak geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, Kitaphanaara abonement bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Ahal welaýat birleşmesi, “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen birlikde “Kitaphana rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyza Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gurnagymyzyň bu sanynda “Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi,” özüniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we tejribe üstünde görkezdiler. Kataloglaryň, kartotekalaryň ulgamy hakynda olary nähili ýerleşdirmeli, gerek bolan maglumatyňy dogry we çalt tapmak maksady bilen nähili işleriň alnyp barylýandygyny, kataloglaryň görnüşlerini şeýle-de hünärmenimiz elektron katalogyna maglumaty nähili ýüklemelidigini we gerek bolan maglumatyňy nähili gözlemelidigini tejribe üstünde görkezdiler. Şeýlede talyp-ýaşlaryň arasynda gyzyklandyrmak maksady bilen sorag-jogap alyşyldy we birinji, ikinji, üçünji ýerler bellenildi. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana - rowaçlyklara …