“Kitaphana - rowaçlyklara badalga”
“Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly gurnagy “Maňa näme öwretdi” diýen temadan nutuk ýazmak we ýylyň jemini jemlemek, höweslendiriji baýraklar bermek.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy alnyp baryldy. Gurnaga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Gurnaga gatnaşýan talyplara umumy sapaklarynda öwrenenlerini amallaşdyrmak maksady bilen her bölüm özüniň alyp barýan işleriniň inçe tilsimlerini bölümiň işgärleri tarapyndan öwredildi. Döwlet kitaphananyň taryhdan tä şu güne çenli ýeten sepgitleri, kitaphanadan peýdalanmagyň düzgünleri, kataloglar we kartotekalar ulgamy, kitaphana okyjylary çekmegiň häzirki zaman usullary, sergiler hakynda düşünje bermek, kitaphanany edebiýatlar bilen üpjün etmek, BEKU barada, BEKU notalary ýüklemegiň aýratynlyklary, jiltleýişe mätäç edebiýatlar bilen işlemek, seýrek neşirleriň goraglylygy, döwürleýin neşirler bilen işlemeklik, Kitaphananyň usuly işleri, bibliografiýa bölümde ýazylýan görkezijiler gollanmalaryň aýratynlyklary, bibliografik ýazgylaryň ýazylyşy iş tejribesinde görkezildi.
Gurnaga gatnaşýan gelejekde kitaphanaçy bolmaklygy arzuw eden talyplar öwrenen sapaklary boýunça “Kitaphana- rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy “Maňa näme öwretdi” diýen temadan nutuk ýazdylar. Talyplar hormat haty bilen sylaglandylar.
Gurnaga gatnaşan talyplar we Döwlet kitaphanasynyň işgärleri okamaga, öwrenmäge we işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana - rowaçlyklara …