“Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly gurnagyň "Kitaphanadan peýdalanmagyň düzgünleri, degişli resminamalar, olary doldurmagyň usullary" atly sapagy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan neşir önümlerini aýawly saklamak, halkymyzyň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen 2025-2029- njy ýyllar üçin kabul edilen Döwlet kitaphanasynda "Kitaphana – rowaçlyklara badalga" atly kitaphana gurnagy alnyp barylýar. Gurnagymyzyň bu sapagynda "Kitaphanadan peýdalanmagyň düzgünleri, degişli resminamalar, olary doldurmagyň usullary" atly sapagy geçirildi.
Gurnaga Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň "Kitaphanaçylyk" fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Gurnaga gatnaşýan talyplara umumy sapaklarynda öwrenenlerini amallaşdyrmak maksady bilen Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri tarapyndan bölümiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, bölüme okyjylary ýazmak, olaryň talaplaryny dogry we doly kanagatlandyrmak şeýle-de bölümde alnyp barylýan işler barada aýdyp berdiler. Talyplaryň arasynda sorag- jogap bäsleşigi hem geçirildi. Gurnaga gatnaşan talyplar we Döwlet kitaphanasynyň işgärleri okamaga, öwrenmäge we işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar. Goý Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana – rowaçlyklara …