“Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly gurnagyň "Tölegli hyzmatlaryň görnüşleri barada" atly sapagy

Image description

“Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly gurnagyň "Tölegli hyzmatlaryň görnüşleri barada" atly sapagy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan neşir önümlerini aýawly saklamak, halkymyzyň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen 2025-2029- njy ýyllar üçin kabul edilen Döwlet kitaphanasynda "Kitaphana – rowaçlyklara badalga" atly kitaphana gurnagy alnyp barylýar. Gurnagymyzyň bu sapagynda Hyzmat ediş bölümi "Tölegli hyzmatlaryň görnüşleri barada" atly sapagy geçirdi.

Sapagyň dowamynda talyplara resminamalaryň nusgalaryny almak, çap etmek we elektron görnüşe geçirmek hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişi düşündirildi. Şeýle hem “E-kitap” programmasy arkaly zerur edebiýatlary gözlemegiň we olardan peýdalanmagyň usullary görkezildi. Özara sorag-jogaplar bilen dowam eden sapak talyplaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen berkitmäge ýardam berdi.

Sapaga gatnaşyjylar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi hem-de kitaphana hyzmatlaryndan giňden peýdalanmagy üçin döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar. Goý,türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana – rowaçlyklara …

Metbugat gullugy