“Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly gurnak geçirildi.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda  “Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyza Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gurnagymyzyň bu sanynda Bibliografiýa bölümi  Kitaphanaara abonement bölüminiň ýolbaşçylygynda özüniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we sorag-jogaply bäsleşik gurnadylar. Bölüm ýurdumyzyň syýasy, ruhy ösüşini we milli gymmatlyklarymyzy açyp görkezýän ylmy kömekçi bibliografiýa görkezijilerini, şeýle-de öz döredijiligi bilen edebiýatda, taryhda yz goýan şahsyýetler barada şahsy we hödürleýji bibliografiýa görkezijilerini taýýarlaýar.  Bibliografiki görkezijileri nähili taýynlamak we olary okyjylara, ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle gyzykly duşuşyklar talyp ýaşlarda zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi. Soňra  bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana - rowaçlyklara …

Metbugat gullugy