“Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly gurnak geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyza Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gurnagyň bu sanynda “Neşirleri abatlamak we jiltlemek” bölümi özüniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we tejribe üstünde görkezdiler. Döwlet kitaphanamyzda neşirleri aýawly saklamak, neşirleri abatlamak, ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýar. Bu bölümde nesilden-nesle geçip gelýän gadymy neşirlerimizi ýaş hünärmen okyjylarymyza ýene-de asyrdan asyra geçer ýaly kitaplaryň ömrüni uzaldyp abatlaýyş we dikeldiş işlerini geçirýärler. Şeýle-de talyplaryň tejribelerini artdyrmak maksady bilen iş üstünde we özleriniň ulanýan enjamlary, gurallary, esbaplary, sapaklary bilen nähili derejede iş alnyp barylýandygyny giňişleýin gürrüň berdiler we görkezdiler. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde neşirleri aýawly saklamakda we ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana - rowaçlyklara …