Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi tarapyndan “Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly gurnakda “Katalogdan hem-de elektron katalogdan erkin gözlemek” atly sapagy geçirildi.
“Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly gurnaga Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Gurnakda okyjynyň özüni gyzyklandyrýan maglumatlary elipbiý katalogyndan gözlemek üçin kitabyň ýa-da haýsydyr bir eseriň ady boýunça elipbiý tertibinde gözlemek işi geçirildi. Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň kitaphanaçylary talyp ýaşlar bilen bilelikde geçirilen okuw tejribesinde ýaşlaryň kitaphana işine bolan höwesleriniň ýokary derejede ösmegine uly täsirini ýetirdi. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde, kitaplary aýawly saklamakda we ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana - rowaçlyklara …