“Kitaphana rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy

Image description

“Kitaphana rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy.

2026-njy ýylda “Kitaphana rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagyna gatnaşýan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen Sungat bölüminiň kitaphanaçylary bilen BEKU-notalary ýüklemegiň aýratynlyklary hakynda amaly sapak geçildi. Şeýle-de gurnagyň dowamynda talyplaryň arasynda sorag-jogap alyşyndy.“Medeni ösüşiň yzlaryny yzlap” atly ýaş alymlar üçin döredilen kömekçi kartoteka bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine hem-de kämilleşmegine öz mynasyp goşandyny goşan ussatlar, halypalar baradaky maglumatlary Döwlet kitaphanasynyň hazynasynda saklanýan kitaplardaky, döwürleýin neşirlerdäki dürli ýyllarda çap edilen makalalary bir ýere jemläp, giň okyjylar köpçüligine ýetirmek maksady bilen “Sungat äleminde” atly tapgyrlaýyn usuly-gollanma taýýarlaýar. Gollanma Döwlet kitaphanasynyň hazynasynda saklanýan neşirleriň sahypalarynda dürli ýyllarda çap edilen ol baradaky makalalardan alnan maglumatlaryň, onuň kärdeşleriniň, şägirtleriniň beren gürrüňleriniň, ýatlamalarynyň esasynda taýýarlanyp, giň okyjylar köpçüligine niýetlenilýär.  

   Gurnagyň ahyrynda oňa gatnaşan talyplar ýaşlara okamaga işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, medeniýet ulgamyny ösdürmekde bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana rowaçlyklara badalga” …

Metbugat gullugy