“Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly gurnagyň Medeni köpçülik işleri bölüminde “Döwlet kitaphanasynyň taryhy we onuň bölümleri bilen tanyşdyrmak” atly tejribe sapagy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda talyp ýaşlaryň kitaphana işini çuňňur öwrenmek,olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen “Kitaphana- rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnaga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gatnaşyp, “Döwlet kitaphanasynyň taryhy we onuň bölümleri bilen tanyşdyrmak” atly tejtibe sapagy gurnaldy. Çykyş eden kitaphanaçylar Döwlet kitaphanasynyň taryhy, bölümleri we olaryň alyp barýan iş aýratynlyklary dogrusynda gürrüň berdiler. Mundan başga-da kitaphanalarda okyjylara döwrebap hyzmat etmekligiň dürli görnüşleri, olara medeni köpçülik işleriniň üsti bilen ýagny okyjylar maslahatlary, edebiýat we döredijilik duşuşyk agşamlary, dürli söhbetdeşlikler, şeýle hem kitaphana synlarynyň ähmiýeti hakynda, kitap sergisini guramaklygyň dürli görnüşleri : Hemişelik, wagtlaýyn we göçme sergileri guramaklygyň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem gurnaga gatnaşan talyp ýaşlar bilen sorag- jogap alşyldy. Tejribe sapagyna gatnaşan talyp ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana - rowaçlyklara …