“Kitaphana-rowaçlyklara badalga” gurnagynda “Kitaphananyň Kitaphanaara abonement bölüminiň işini öwretmek” atly sapagy geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölümi “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” gurnagynda “Kitaphananyň Kitaphanaara abonement bölüminiň işini öwretmek” atly sapagy geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan neşir önümlerini aýawly saklamak, halkymyzyň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen 2025-2029-njy ýyllar üçin kabul edilen Döwlet maksatnamadan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy alnyp barylýar. Gurnagymyzyň bu sapagynda “Kitaphananyň Kitaphanaara abonement bölüminiň işini öwretmek” atly sapagy geçirildi. Gurnaga Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Gurnaga gatnaşýan talyplara umumy sapaklarynda öwrenenlerini amallaşdyrmak maksady bilen Kitaphanaara abonement bölüminiň işgärleri tarapyndan  bölümiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, bölüme okyjylary ýazmak, olaryň talaplaryny dogry we doly kanagatlandyrmak şeýle-de bölümde alnyp barylýan işler barada aýdyp berdiler. Talyplaryň arasynda sorag-jogap bäsleşigi hem geçirildi. Gurnaga gatnaşan talyplar we Döwlet kitaphanasynyň işgärleri okamaga, öwrenmäge we işlemäge  giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar. Goý Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” gurnagynda …

Metbugat gullugy