Kitaphana syny geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi kitaphanaçylary we okyjylary Gahryman Arkadagymyzyň iňlis dilinde neşir edilen “Watançylyk taglymaty” atly täze kitaby we onuň many-mazmuny bilen tanyşdyrdylar.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Watançylyk taglymaty” atly kitabynyň ýaş nesilleri watansöýüjilik, kämil ahlak we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde, olaryň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmeginde möhüm gollanmadygyny belläp geçdiler. Kitapda her bir ýaş ynsanyň öz Watanynyň öňündäki mukaddes borçlary, döwletimize we halkymyza bolan wepalylygy nähili kemala getirmelidigi hakynda pähimli garaýyşlar beýan edilýär. Bu kitap talyplaryň we okuwçylaryň jemgyýetde mynasyp orun almagy, olaryň sport, döredijilik ýollarynda uly üstünlikler gazanmagy üçin döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri we anyk wezipeleri özünde jemleýär. “Watançylyk taglymaty” kitaby ýaşlaryň mydama ýanynda göterýän esasy gollanmasyna, ýol görkeziji şemalyna öwrüldi. Bu ajaýyp eser ýaş nesli milli gymmatlyklara hormat goýmaklygy we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň mundan beýläk-de güllemegi ugrunda, ak ýürekden zähmet çekmek ruhunda terbiýelemekligi öwredýän guraldyr diýip çykyş edenler buýsanç bilen söhbet etdiler we ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana syny geçirildi