Kitaphana syny

Image description

Kitaphana syny  

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana synyny  geçirdi. Kitaphana synynda Döwlet kitaphanasyna gelip gowşan Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri : onkologiýada fitoterapiýa. T. XVIII”,we “Watançylyk taglymaty” atly ajaýyp eserleriniň many-mazmunyny okyjylarymyzyň arasynda kitaphanaçy hünärmenleri giňden wagyz etdiler. Bu kitaplar lukmanlara, mugallymlara, talyp ýaşlara şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigini mälim etdiler. 

        Kitaphana synyna gatnaşanlar öz ýadawsyz zähmeti bilen il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana syny

Metbugat gullugy