Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi kitaphana täze gelen metbugat neşirlerden kitaphana syny geçirdi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdymyzda ynsan saglygynyň goraglylygy babatda durmuşa geçirilýän işler, saglyk ulgamynyň ösüşi barada gürrüňler edildi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňde baryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň bu ugurdaky döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir diýip, belläp geçdiler.
Bizi şeýle owadan, asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelen …