Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi tarapyndan kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlanyp kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2025-nji ýylda çap edilen “Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndysynyň 3-nji goýberilişi bilen tanyşdyrdylar. Kitapda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan “Milli taryhy- medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna“ laýyklykda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag we ylmy bejeriş işleriniň dowamynda gazanylan netijeler barada makalalaryň ýerleşdirilendigini beýan etdiler. Şeýle-de kitabyň 8 bölümden ybarat bolup, türkmen, iňlis we rus dillerinde ýokary çaphana usulynda neşir edilendigini hem-de kitabyň ahyrynda makalalaryň awtorlary barada maglumatlar berilýändigini beýan etdiler.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar Döwletimizde ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ylmyň ösmegi, dürli ugurlar boýunça ylmy barlaglary netijeli alyp barmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelen …