Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümin kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler 2024-nji ýylda “Ylym” neşirýatynyň çap eden “Türkmen paýhasynyň synmaz sütüni”, R. Mustakowyň “Magtymguly Pyragy – Gündogaryň parlak ýyldyzy”, A. Şihnepesowyň ” Magtymgulynyň döredijiliginiň teswiri”, O. Amandurdyýewanyň “ХVIII asyr türkmen edebiýatynda adam we tebigat gatnaşyklary”, G. Şamyýewanyň “Magtymgulynyň döredijiliginde türkmen tebigatynyň şahyrana waspy”, N. Rahymowyň “Magtymgulynyň şygyrlary taryhy çeşme hökmünde“, T. Bekjäýewiň “Magtymgulynyň eserleriniň frazologiýasy”, atly kitaplar bilen tanyşdyrdylar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň ylmy monografiýalarynyň , makalalar ýygyndysynyň hem-de okuw gollanmasynyň Magtymgulynyň döredijiligi, türkmen diliniň taryhy bilen gyzyklanýan okyjylarymyz, esasan-da bu ugurdan bilim alýan ýaşlar üçin gymmatbaha sowgatdygyny kitaphana synynda çykyş edenler belläp geçdiler.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek hem-de ýaýratmak ugrunda ägrit uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelen …