Kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana  syny geçirildi.

      Kitaphana synynda çykyş edenler 2025-nji ýylda Türkmen Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen, rus dillerinde neşir edilen, 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen berlen “Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kodeksi” we ”Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi”  atly kitaplar bilen tanyşdyrdylar.  Şeýle-de Jennet Döwranowanyň “Gandbol oýnunyň nazaryýeti we usulyýeti” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar.Ýokary okuw mekdepleri üçin taýýarlanan okuw kitabynda gandbol oýnunyň taryhy we sport türgenleşik işleriniň düzülişi, tapgyrlaýyn geçiriliş aýratynlyklary, türgenleri tehniki we taktiki taýdan taýýarlamagyň usulyýeti  barada beýan edilendigini kitaphana synynda çykyş edenler belläp geçdiler.

      Kitaphana synyna gatnaşyjylar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi,  halkymyzyň    bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda  beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň  we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelen …

Metbugat gullugy