Kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

     Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2025-nji ýylda çap edilen Annagylyç Mätajiniň “Goşgular” atly kitaby bilen tanyş etdiler. Ussat şahyryň bagşylaryň dilleriniň senasyna öwrülen edebi mirasy indi iki asyr bäri ynsanlaryň ruhy dünýäsini ganatlandyrýan akaba çeşmesi bolup hyzmat edýändigini aýratyn belläp geçdiler. Şol çeşmeler esasynda taýýarlanylan ýygyndyda şahyryň owal neşir edilmedik ençeme goşgularyny girizmek arkaly şygyr ussadynyň köp taraply edebi mirasyny okyjylara hödürlenendigini beýan etdiler.

     Şeýle-de “Ylym” neşirýaty tarapyndan 2025-nji ýylda çap edilen “Milli Liderimiziň “Hakyda göwheri” kitaby - bilim we terbiýe mekdebiniň gymmatly hazynasy” atly kitaby bilen hem tanyş etdiler. Kitapda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanylan bu ylmy-usuly gollanmada Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlarynyň, ylmy işgärleriniň hem-de aspirantlarynyň we alymlyk derejesine dalaşgärleriniň ýazan usuly makalalarynyň türkmen, rus, iňlis dillerinde ýerleşdirilendigini beýan etdiler.

      Kitaphana synyna gatnaşyjylar bedew batly at-myratly Watanymyzyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän, il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …

Metbugat gullugy