Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri A.Nurmuhammedowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli goýberilýän bu kitap dilçi alymyň ylym hem-de durmuş ýoly bilen bagly maglumatlary öz içine alýandygyny nygtadylar. Kitap ylmy işgärlere, aspirantlara, mugallymlara, talyplara, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigini mälim etdiler.
Şeýle-de syna gatnaşanlar A.Annamyradowyň “Tans sportynyň nazaryýeti we usulyýeti” atly ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw kitaby bilen tanyş boldular. Kitapda berk bedenli, ruhubelent, döwrebap ýaş nesli kemala getirmegiň ugurlary göz öňüne tutulyp, tans sporty we onuň düzgünleri bilen bagly maglumatlar berilip, kitabyň esasy maksady talyplarda tälimçiligiň we pedagogikanyň ýokary sypatlaryny terbiýelemek, öz kärine ussat ýokary derejeli türgenleri ýetişdirmegiň ýollaryny öwretýändigini belläp geçdiler.
Kitaphana synyna gatnaşanlar öz ýadawsyz zähmeti bilen halka hyzmat edýän adamlaryň sarpasy has belent tutulýan ýurdumyzda il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …