Kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

   Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Bedew ruhly pähimler”, “ Eýýamlaryň bedewi” atly fotoöwüşginli kitaplar bilen tanyşdyrdylar. Bu kitaplarda ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewleriň suratlary şeýle-de bedewlerimiz hakynda atalar sözüdir nakyllaryň ýerleşdirilendigini beýan etdiler. Türkmen nakyllarynda bedewiň wepadarlyk, çeýelik, çydamlylyk babatdaky aýratynlyklary umumadamzat gymmatlyklary – dostluk, wepa, mertlik, sabyrlylyk deňeşdirilip beýan edilendigini nygtadylar. Täze neşirleriň ýene biri – “Ahalteke atlarynyň reňk aýratynlygy” atly iňlis dilinde neşir edilen kitap bilen hem tanyşdyrdylar. Bu neşir ahalteke bedewleriniň reňk aýratynlyklaryny özboluşly görnüşde açyp görkezilip, onda mele, çal, gara, goňur, dor, gyr, ak-sarymtyl ýaly dürli reňkleriň aýratynlyklary barada düşünje berilýändigini beýan etdiler. Kitapçalaryň her biri bir ugra – bezeg esbaplaryna, halk paýhasyna, taryhy gymmatlyklara, ruhy dünýä we bedewiň tebigy aýratynlyklaryna gönükdirilen bolsa-da olaryň ählisi ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň milli buýsanjydygyny, dünýä medeniýetine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandydygyny belläp geçdiler.         

      Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurduň, halkyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän, il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …

Metbugat gullugy