Kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

       Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2026-njy ýylda neşir edilen D.Gazakowyň “Mollanepes” atly kitaby bilen tanyşdyrdylar.  Bu kitap türkmen halkynyň XIX asyr şöhratly taryhyny öwrenmekde, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde peýdaly gollanma boljakdygyny beýan etdiler. Şeýle-de Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan “Döwrebap bilim: milli miras we innowasion tehnologiýalar” atly II ýygyndy bilen hem tanyşdyrdylar. Kitapda professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň, aspirantlaryň, doktorantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň ylmy, ylmy-usuly makalalary ýerleşdirilendigini beýan etdiler.

      Kitaphana synyna gatnaşyjylar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi,  halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …

Metbugat gullugy