Kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

 Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2026-njy ýylda neşir edilen H. Kulyýewiň “Goşgular” , I. Nuryýewiň “Goşgular” atly kitaplary bilen tanyşdyrdylar. Bu kitaplarda Watan, il-ýurt, söýgi, tebigat hakynda ýazylan goşgularynyň girizilendigini beýan etdiler. Şeýle-de  A. Baýlyýewanyň şekillendiriş sungatynyň  görnüşlerini we žanrlaryny, olardaky çeperçilik  serişdeleriň baýlygyny, köpdürliligini açyp görkezýän “Sungaty öwreniş” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaphanaçylary Ž. Werniň “Ýeriň daş-töweregine – 80 günde” atly ylmy-fantastika eseri bilen hem tanyşdyrdylar. Kitapda täsin başdan geçirmeler ylmyň dürli pudagyna degişli gyzykly maglumatlar bilen baýlaşdyrylandygyny beýan etdiler.

   Kitaphana synyna gatnaşyjylar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …

Metbugat gullugy