Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler “Ylym” neşirýat gullugy tarapyndan 2026-njy ýylda çap edilen, “Spinal myşsa amiotrofiýalary anyklamak we bejermek”, “Çaga hirurgiýasynyň gaýragoýulmasyz ýagdaýlarynyň kliniki beýanlary”, “Neonatologi-ýanyň wajyp meseleleri” atly kitaplar bilen tanyşdyrdylar. Bu kitaplaryň Türkmenistanyň lukmanlar jemgyýetiniň amaly ýardam bermeginde taýýarlanan-dygyny beýan etdiler. Şeýle-de ýokary okuw we orta hünär mekdepleri üçin taýýarlanan S. Kurbanmamedowyň “Iýmitlenmegiň fiziologiýasy”, “ХХ asyr türkmen dil bilimi”, H. Işangulyýewiň “Deňiz tejribesi” atly kitaplar bilen hem tanyşdyrdylar.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …