Kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

    Kitaphana synynda çykyş edenler baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň 35 ýyllyk toýuna bagyşlanyp çapa taýýarlanan bu monografiýada türkmen edebiýatynyň iri kyssa eserleri bolan roman žanryň ösüşi,onuň ösüşine uly goşant goşan ýazyjylaryň döredijilik ussatlygy, romanlaryň poetikasy, ideýa-tematikasy, çeper psihologizm, romanlaryň dil baýlygy türkmen we dünýä edebiýaty öwreniş ylmynyň gazananlarynyň nukdaýnazaryndan seljerilýär hem-de ylmy-nazaryýet öňe sürülýändigini belläp geçdiler. Kitap türkmen edebiýatyny, iri kyssa eserleri bolan roman žanyryny we ösüşini öwrenýän edebiýatçylara, aspirantlara, mugallymlara, talyplara, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigini mälim etdiler.

  Şeýle-de syna gatnaşanlar “Paýhas ummanynyň guwwasy” atly bu kitapda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dürli ugurlaryna bagyşlanan ylmy derňewe çekildi we bu ugurda gazanylan üstünlikler açylyp görkezildi diýip, belläp geçdiler.

    Kitaphana synyna gatnaşanlar öz ýadawsyz zähmeti bilen halka hyzmat edýän adamlaryň sarpasy has belent tutulýan ýurdumyzda il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …

Metbugat gullugy