Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler “Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlügi” atly kitaplaryň I, II, III, IV, V jiltleri bilen tanyşdyrdylar. Kitapda Gündogaryň beýik akyldary we ussat şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerinde duş gelýän okyjylar köpçüligi üçin doly düşnükli bolmadyk sözler, söz düzümleri, rowaýatlardyr hekaýatlar bilen baglanyşykly düşünjeler, dürli adalgalar, dini, dini-sopuçylyk aňlatmalary, okyja nätanyş bolan taryhy, geografik, mifologik, şahs, eser atlary ýerleşdirilendigini mälim etdiler. Sözlük şahyryň eserleriniň many-mazmunyna düşünmekde peýdaly gollanma bolup hyzmat etjekdigini buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de A. Hojanyýazyň soňky ýyllarda ýazan edebi makalalarynyň, ýaş galamdaşlaryna maslahatlarynyň, sowallara jogaplarynyň, onuň öz döredijiligi dogrusynda halypalary, galamdaşlary, şägirtleri, okyjylary tarapyndan aýdylanlaryň bir bölegi girizilen “Halypalary gören gözlerim” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaphanaçylary Ý. Ýagmyrowyň “Bakylygyň bahary” atly dürli goşgulary, rubagylary, bentleri, hekaýatlary we durmuş pelsepelerini öz içine alýan kitaby bilen hem tanyşdyrdylar.
Kitaphana synyna gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …