Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş eden kitaphanaçylar “Türk dünyäsi geleneksel çocuk oyunlari” atly kitap bilen tanyşdyrdylar. Kitapda Halkara Türk Medeniýet Guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Aktau 2025-nji ýyl üçin Türk Dünýäsiniň Medeniýet Paýtagty” diýlip, yglan edilen Aktau şäherinde geçirilen “Türk dünýäsiniň däp bolan çagalar oýunlary“ atly bäsleşigine gatnaşan ýaş suratkeşleriň, her halkyň öz däplerini aňladýan çagalar oýunlarynyň suratlarynyň ýerleşdirilendigini beýan etdiler. Bu bäsleşigiň esasy maksady türk dünýäsiniň medeni, taryhy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we bu sungat arkaly dünýä tanyşdyrmak maksady bilen taýýarlanandygyny beýan etdiler. Kitapda Türkmenistanly ýaş suratkeşleriniň eserleriniň görkezilendigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de O.Öwezsähedowyň “Arap dilinde işlik derejeleri” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Okuw gollanmasynyň arap dili bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendigini beýan etdiler.
Kitaphana synyna gatnaşanlar türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek hem-de ýaýratmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …