Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen M. Seýidowyň “Goşgular we poema” atly, A.Garlyýewiň “Aýdasym gelýän sözlerim” atly goşgular kitaplary bilen tanyşdyrdylar. Bu kitaplarda Watan, il-ýurt, mukaddes söýgi, daş-töweregimizi gurşaýan ajaýyp tebigat, maşgala agzybirligi, dostluk, adamkärçilik barada söz açýan goşgularynyň öwüt-ündewlere ýugrulandygyny beýan etdiler. Seýle-de A. Hemidowyň “Eserler ýygyndysy” atly on tomluk kitabynyň 10-njy tomy bilen hem tanyşdyrdylar. Kitapda ýazyjynyň goşgulary, oçerkleri, hekaýalary, Aşgabadyň “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda heýkelleri oturdylan daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlar barada, kitabyň soňky sahypalarynda A.Hemidowyň döredijiligi we terjimehalynyň ýerleşdirilendigini beýan etdiler.
Kitaphana synyna gatnaşanlar öz ýadawsyz zähmeti bilen halka hyzmat edýän ýazyjy-şahyrlaryň sarpasyny has belentde tutulýan ýurdumyzda il-gününe eşretli durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …